SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Türkmenbaşy awtobus gatnawlarynyň sany artdyryldy

«Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ häzirki wagtda Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň hereket edýändigini habar berýär. Ýolagçylaryň amatlylygyny ýokarlandyrmak we paýtagt bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasyndaky ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak maksady bilen, gatnawlaryň sany 3-e ýetirildi.

Awtobuslar Aşgabatdaky Halkara awtomenzilinden sagat 10:00, 10:30, 11:00 ugrap, Türkmenbaşy şäherindäki awtomenzile 21:00, 21:30, 22:00 barýarlar.

Bir tarapa ýol petegiň bahasy 65 manat. Aşgabat-Türkmenbaşy ugrundan başga-da, Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça hem gatnawlar dowam etdirilýär. Aşgabat-Awaza ugrunyň ýol petegi ulular üçin 75 manat, 5 ýaşdan 13 ýaşa çenli çagalar üçin bolsa 37,5 manat bolýar.

Awtobuslar Aşgabat — Awaza ugry boýunça her gün iki gezek gatnaw amala aşyrýarlar. Paýtagtdan ugralýan wagty 06:00 we 06:30 bolup, awtobuslar Halkara awtomenzilinden ugrap, ýol wagty sekiz sagat dowam edýär.

Awtobus gatnawlarynyň ähli ugurlary boýunça ýol peteklerini resmi web sahypasyndan — auh.com.tm — we «Şäherara bilet» atly mobil goşundysyndan onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar.

Mundan başga-da raýatlaryň bu ugurlaryň sanyny has-da artdyrmak barada islegleriniň göz öňünde tutuljadygy barada «Awtomobil ulag hyzmatlary» AGPJ habar berýär.

Goşmaça maglumat almak üçin ýolagçylar aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: (+993 12) 44-35-20, 861 49 34 95.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy