SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat: hepdede 16 uçar gatnawy ýerine ýetiriler

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň habar bermegine görä, tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygy göz öňünde tutulyp, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 1-den raýatlarymyzyň rahat dynç almak we syýahat etmek üçin, dürli isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen:

 Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat

ugurlar boýunça gatnawlaryň sanynyň köpeldilendigini, şeýle-de welaýatlarymyzyň Halkara howa menzillerinden ýerine ýetirilýän gatnawlarda täze ugurlar boýunça gatnawlaryň ýola goýulandygyny, has takygy:

Türkmenbaşy – Türkmenabat – Türkmenbaşy;
Türkmenbaşy – Daşoguz – Türkmenbaşy;
Türkmenbaşy – Mary – Türkmenbaşy.

ugurlar boýunça gatnawlaryň ýola goýulandygyny mälim edilýär.

Ýokarda görkezilen ugurlar boýunça sanly ulgam arkaly türkmenistanairlines.tm web sahypasy we mobil goşundysyny ullanmak bilen awiabiletleri satyn almak bolar.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň habar bermegine görä, Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany hepdede 16 gatnawa çenli artdyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar