Häzirki günlerde ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeler netijesinde ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabat günsaýyn ösüp-özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Aşgabat şäherimizde gurlan binalar we desgalar dünýä derejesine ýetdi.
Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň binagärlik keşbini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň, möhüm teklipleriniň netijeleri häzirki wagtda merjen şäherimiziň döwrebap ösüşinde aýdyň şöhlelenýär. Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny ösünde jemleýän paýtagtymyz Aşgabatda binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaklyga, zerur durmuş şertleri bilen üpjün etmeklige aýratyn üns berilýär.
Medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň töwereklerinde dürli görnüşli güllere we baglara beslenen ýaşyl zolaklar, oýun meýdançalary, döwrebap ýolagçy duralgalary ýaly ähli amatlyklar döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, paýtagtymyz amala aşyrylýan toplumlaýyn binagärlik taslamalarynda halkymyzyň eşretli, döwrebap, medeniýetli ýaşaýşyny üpjün etmek babatda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar.
Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň döwrebap şähergurluşyk talaplaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyzda binalarň gurluşyklary häzirkizamanyň ösen tehnologiýalaryna daýanyp amala aşyrylýar. Ata Watanymyzyň baş şäheriniň nurana keşbinde halkymyzyň baý medeni mirasy, milli binagärlik ýörelgeleri we bu ugurdaky baý tejribesi, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn artýan kuwwaty aýdyň şöhlelendirilýär.
Ine gecen ýyl hem Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ägirt uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenildi. Häzirki wagtda hem paýtagtymyzy ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizmek babatynda deigşli işler alnyp barylýar.
Ýagny, şu günler ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde gözel paýtagtymyzy dünýäniň kreatiw şäherleriniň düzümine girizmek boýunça degişli resminamalary taýarlamak işlerini alyp barýar. Bu işe ýurdumyzyň medeniýet, binagärlik, maliýe, maglumat we köpçülikleýin habar beriş ulgamlarynyň bilermenleri hem gatnaşýar.
ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik tory 2004-nji ýylda döredilendir we häzirki döwürde ol dünýäniň 180 sany şäheri özünde jemleýär. Bu toruň maksady – dünýäniň şäherleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekden we tejribe alyşmalary ýola goýmakdan ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabat häzirki zaman şertlerinde ileri tutulýan ekologiýa, peýzaž dizaýny we häzirki zaman ösen binalaryň içki we daşky dizaýn binagärçiligi babatynda sebit paýtagtlarynyň arasynda has öňdäki hatarda durýar. Şäherimiz soňky ýyllarda gür baglygyň, gül bossanlygyň mekanyna öwrüldi.
Uzukjemal Hallyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
