JEMGYÝET

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişiginde täze ýagdaýlar

Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, şäherde iri etraplary döretmek maksady bilen, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r :

1. Aşgabat şäheriniň Abadan we Ruhabat etraplaryny ýatyrmaly we olaryň ýerlerini Aşgabat şäheriniň degişli etraplarynyň çäklerine geçirmeli.

2. Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň adyny üýtgedip, oňa Büzmeýin adyny dakmaly we ony Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etraby diýip atlandyrmaly.

3. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin we Köpetdag etraplarynyň çäklerini şu kararyň goşundysyna laýyklykda bellemeli.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., â„– 2, 36-njy madda) bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli.

5. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

6. Şu karar gol çekilen gününden güýje girýär.

Kaynak : Atavatan Türkmenistan Haber Ajansı (ATHA)

Bizi Sosyal Medyadan Takip Edin!

 Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hesabımız

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal

 Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

 

Ýene-de okaň

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi