JEMGYÝET

Aşgabat sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi

Şu gün paýtagtymyzda birinji üçtaraplaýyn Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Bu resminamada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň  arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri öz beýanyny tapdy.

Sammitiň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan halkara guramalarynyň çäklerinde, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasynda hem-de halkara we sebit meýdançalarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny aýratyn bellediler.

Ýene-de okaň

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi