Aşgabat şäher häkimligi paýtagtymyzyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün edýän agyz suw desgalarynyň öndürýän suwlaryny zyýansyzlandyrmakda gerek bolan gipohlorid natriý (NaOCI) erginini satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.
Bäsleşige gatnaşjak dalaşgärleriň bellenilen tertipde bäsleşige degişli resminamalary 2021-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli şäher häkimligine ibermegini haýyş edýäris.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-03-38, 92-31-69, 92-41-62, 92-43-25.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşik yglan edýär