Halkara uçuşlarynyň geografiýasyny barha giňeldýän «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan ýene bir halkara uçuşy ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentligi habar berýär.
Şol günden başlap, awiakompaniýanyň uçarlary Ýewropanyň syýahatçylyk we ykdysady taýdan iň möhüm şäherleriniň birine ― Beýik Britaniýanyň London şäherine göni uçar gatnawyny ýola goýup başlar.
Awiakompaniýa London şäherine hepdede iki sany uçuşy amala aşyrar. Olar her hepdäniň çarşenbe we şenbe günlerinde alnyp barlar. Çarşenbe günündäki uçuşlar T5-423 belgili gatnaw bilen alnyp barlyp, uçar Aşgabat wagty bilen sagat 12:00-da Beýik Britaniýanyň paýtagtyna tarap ýola düşer we London şäherine ýerli wagt bilen 15:10-da gonar. Hepdäniň şenbe gününde T5-427 belgili gatnaw bilen amala aşyryljak uçuşlara bolsa gündiz sagat 12:30-da Aşgabatdan badalga berlip, uçar Londona ýerli wagt bilen 15:40-da gonar. Iki uçar hem şol gün London ― Aşgabat ugry boýunça hem uçuşy amala aşyrar.
London şäheri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuş amala aşyrjak 14-nji halkara ugry bolar. Häzirki wagtda awiakompaniýanyň uçarlary Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý we Abu-Dabi, Saud Arabystanynyň Jidda, Hindistanyň Deli, Hytaýyň Pekin, Taýlandyň Bangkok, Wýetnamyň Hoşemin, Malaýziýanyň Kuala-Lumpur, Germaniýanyň Frankfurt, Italiýanyň Milan, Russiýa Federasiýasynyň Kazan we Moskwa, Türkiýäniň Stambul şäherlerine göni gatnawlary amala aşyrýarlar.