SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat–Inçhon–Aşgabat ugry boýunça göni ýük gatnawy açyldy

Şu gün, 26-njy aprelde Aşgabat–Inçhon–Aşgabat ugry boýunça üstünlikli amala aşyran «A330-200» kysymly ýük howa uçary türkmen paýtagtynyň Aşgabat Halkara howa menziline gelip gondy.

Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, täze halkara ýük howa gatnawynyň açylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine uly itergi berer.

Şeýlelikde, «Türkmenhowaýollary» agentligi Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda göni ýük howa gatnawlary ýola goýmak bilen, şol bir wagtda Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna hem çykmak göz öňünde tutýar.

Aziýanyň we Ýewropanyň şäherlerini birleşdirjek Aşgabat Halkara howa menzili üstaşyr nokat hökmünde ulanylyp, ilkinji nobatda onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýagny Aziýany we Ýewropany birikdirýän howa ýollary, demir ýol we awtoulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi bilen şertlendirilendir.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär