SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat aralygynda uçar gatnawy ýola goýuldy

Paýtagtymyzdan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin   şäherine ilkinji uçuşyny amala aşyran “777-200 LR” kysymly türkmen “Boingi” Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça ilkinji gezek ýola goýlan täze howa gatnawynyň başyny başlady.

2024-nji ýylyň 05-nji  martynda Aşgabat-Hoşimin aralygyna ilkinji ýolagçy türkmen “Boinginiň” uçurylmagy meýilleşdirildi.

Aşgabatdan Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň tarap asmana galan uçar birnäçe sagatdan soňra Hoşimin şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Uçardan düşen türkmen ýolagçylary dostlukly ýurduň topragynda mähirli we myhmansöýerlik bilen garşylandylar.

Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň tarapynyň wekilleri dünýäde parahatçylyk söýüji, hemişelik Bitarap ýurt hökmünde tanalýan we barha gülläp ösýän Türkmenistandan Wýetnam Sosialistik Respublikasyna yzygiderli howa gatnawynyň ýola goýulmagy hem-de bu ugurda ilkinji uçuşy üstünlikli amala aşyryp, türkmen uçarynyň Hoşimin şäherine gelmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly ýardam eder diýip aýtdylar.

Şeýlelikde, Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça ilkinji yzygiderli howa gatnawy açyldy we ol hepdede iki gezek amala aşyrylyp, ýolagçylara hyzmat eder.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy