Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz ösüşleriň belent sepgitlerini eýeleýär. Ak şäherimizde häzirki wagtda möhüm ähmiýetli, dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, paýtagtymyzda özboluşly çözgütleriň amala aşyrylmagy, täzeçil, şol sanda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mundan beýläk-de möhüm ähmiýete eýe bolar.
Gözel paýtagtymyzda geçen sanlyja ýyllarda gurlan biri-birinden kaşaň köçelere, köşklere, gözel binalara syn edeniňde olarda ýaşaýan, zähmet çekýän, ylym-bilim alýan ildeşlerimiziň, döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň eşretli durmuşyna, mähriban Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine guwanjyň artýar.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizioldi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşurdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Paýtagtyň güni – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy. Paýtagtyň baş wezipesi – dünýä türkmenleri üçin baş şäher bolmak bilen, olaryň jebislik mesgenine we milli döwletliligiň mizemez binýadyna öwrülmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda paýtagtymyz halkara hyzmatdaşlygynyň hem mekanydyr. Paýtagtymyz Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda degişli işler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işleri mazmun taýdan baýlaşdyrmak üçin Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde geçirýän «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergisi aýratyn ähmiýete eýedir.
Ýeri gelende bellesek, medeni we durmuş integrasiýasyna maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredilen ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna häzirki wagtda dünýäniň 90 ýurdundan şäherleriň 300-e golaýy girýär. Bu özboluşly tor, esasan, «Senetçilik we folklor sungaty», «Dizaýn», «Film», «Aşhana», «Edebiýat», «Media sungaty», «Aýdym» ýaly 7 ugurda iş alyp barmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin şäherleriň döredijilik we innowasion mümkinçiliklerini goldamak babatda umumy tagallalary açyp görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk konsepsiýasynda milli binagärligiň däplerini öňdebaryjy binagärlik çözgütleri bilen utgaşdyrmagy esasy ýörelgeleriň biri hökmünde kesgitledi. ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bolsa ak şäherimiz Aşgabadyň gözelliklerini, onuň türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrülen ajaýyp binalaryny, oňaýly ýaşamak, medeniýetli dynç almak babatda özboluşly mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden açyp görkezmekde nobatdaky möhüm ädim bolar.
Tylla Orazowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
