SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat bilen Parižiň arasyndaky awiagatnawlar täzeden ýola goýlar

Türkmenistan ýakyn aýlarda Aşgabat bilen Parižiň arasynda awiagatnawlaryny gaýtadan ýola goýmak üçin tehniki işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew fransuz kompaniýalary bilen geçirilen işewürlik duşuşyklarynda belläp geçdi.

“orient.tm” neşiriniň habar bermegine görä, 2013-2018-nji ýyllarda üstünlikli alnyp barlan Aşgabat-Pariž awaigatnawynyň iki ýurduň arasyndaky iň bir möhüm gatnawlaryň biri bolandygy bellenildi.

Awiakosmos ulgamyndaky türkmen-fransuz hyzmatdaşlygy barada maglumat beren Annaýew satyn alnan «Airbus» kompaniýasynyň «A330-200» kysymly «P2F» görnüşli 2 sany täze ýük howa gämisiniň awiagatnawlary kuwwatyny artdyrandygyny belledi.

Fransiýanyň “Thales Alenia Space” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde Türkmenistanyň özüniň milli emeli hemrasyna eýe bolan ýurtlaryň sanawyna goşulandygy mälim edildi. Milli emeli hemra ýurtda ýokary tizlikli we ygtybarly aragatnaşygy üpjün etmäge mümkinçilik berýändigi aýdyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri