SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Balkanabat, Türkmenabat-Balkanabat, Mary-Balkanabat we Daşoguz-Balkanabat gatnawlary ýola goýulýar

2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap, “Türkmenistan”awiakompaniýasy” AGPJ-nyň Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat, Türkmenabat-Türkmenbaşy-Türkmenabat, Mary-Türkmenbaşy-Mary we Daşaguz-Türkmenbaşy-Daşoguz ugurlary boýunça ýerine ýetirilýän gatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylýandygy we ozal resmileşdirilen awiabiletleri yzyna gaýtarmak ýa-da ugruny üýtgetmek boýunça Türkmenistandaky ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup bilersiniz. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Sanly ulgam arkaly (Online) resmileşdirilen awiabiletleriňizi yzyna tutumsyz gaýtaryp, Awiakompaniýanyň resmi saýty turkmenistanairlines.tm we Türkmenistandaky ähli awiabilet satuw nokatlaryna ýüz tutup täzeden Aşgabat-Balkanabat-Aşgabat, Türkmenabat-Balkanabat-Türkmenabat, Mary-Balkanabat- Mary we Daşaguz-Balkanabat-Daşoguz ugurlaryna awiabiletleri resmileşdirip bilersiňiz.

Şeýle-hem 2025-nji ýylyň 19-njy maýyndan başlap “Türkmenistan”awiakompaniýasy” AGPJ-i Aşgabat-Balkanabat-Aşgabat, Türkmenabat-Balkanabat-Türkmenabat, Mary-Balkanabat-Mary we Daşoguz-Balkanabat-Daşoguz ugurlary boýunça gatnawlaryň ýerine ýetirilip başlanýandygy barada Size habar berýäris.

Habarlaşmak üçin; 39-17-17, 23-03-18, 23-03-15, 37-84-52, 37-84-32

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär