SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Şu günden ― 2024-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Aşgabat-London-Aşgabat aralygynda göni howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylyp başlandy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «Boeing»-i bu ugur boýunça gaýtadan dikeldilen gatnawyň täze uçuşyny şu gün sagat 12:00-da Aşgabat halkara howa meňzilinden amala aşyryldy. Uçar London şäheriniň ýerli wagty bilen sagat 15:10-da gonar. Ýerli wagt bilen sagat 16:55-de yzyna ugrajak uçar Aşgabada gije sagat 03:00-da dolanyp geliner.

Mundan beýläk «Türkmenhowaýollary» agentligi ýurdumyzyň we Beýik Britaniýanyň paýtagtlaryny birleşdirýän uçuşlary her hepdäniň çarşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrar.

Türkmen paýtagtyny günbatar Ýewropanyň iň iri şäherleriniň biri bilen birleşdirýän bu uçuş iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň barha ilerlemegine ýol açar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar