JEMGYÝET

Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň taslamalary hödürlendi

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudaklaryny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda milli Liderimiziň garamagyna paýtagtymyz Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň taslamalary hödürlendi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilýär.

Ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we senagat toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda Aşgabady ösdürmegiň nobatddaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezdi.

Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň owadan şekilleri täze dynç alyş zolagyny has-da ösdürmegiň geljegi barada düşünje almaga mümkinçilik berdi. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan bezeginiň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan kottej toplumlarynyň 10-sy bar. Şonuň bilen bir hatarda edara ediş binasyny, lukmançylyk we söwda-hyzmat ediş merkezlerini, 500 orunlyk 2 sany awtoduralgany, seýilgähleri, ýol düzümlerini we beýleki binalary gurmak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalary umuman makullap, döwrebap dynç-alyş merkezi döredilende ähli meseleleriň göz öňünde tutulmalydygyny, şol sanda tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň bu künjegiň tebigaty bilen özboluşly sazlaşygy döretmelidigini belledi.

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri