DÜNÝÄ

Arzan internet üçin 60 emele hemra iberildi

ABŞ-nyň dünýä belli “SpaceX” kompaniýasy internetiň arzan bolmagy üçin kosmos giňişligine emele hemra ibermek maksatnamasyny amala aşyrýar. Kompaniýa bu gezek hem internetiň arzan hem-de elýeterli bolmagy üçin Ýeriň orbitasyna ýene-de 60 sany emeli hemra iberdi.

“Starlink” taslamasynyň çäklerinde mundan ozal 7 sany roketa iberilipdi. Emeli hemralar ABŞ-nyň Florida ştatyndan älem giňişligine uçuryldy. Şeýlelikde kompaniýa Ýeriň orbitasyna takmynan 480 emeli hemra ýerleşdirdi.

“SpaceX” kompaniýasy optiki-süýümli we baz stansiýasy bolmazdan emeli hemra arkaly internet mümkinçiligini döretmegi meýilleşdirýär. Bu maksat bilen taýýarlanan “Starlink” taslamasy bilen orbita 12 müň hemra ýerleşdiriler. Şeýlelikde kompaniýa dünýäniň iň uzak sebitlerinde azyndan 1 Gbit/sek tizlikde wirtual internet mümkinçiligi döretmegi meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda zenan diplomatlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan interaktiw dialog geçirildi

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy resmi taýdan çap edildi

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň iş duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: “DV-2027” yglan edilermi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy