SPORT

Artur “Ýuwentusa” geçmekçi

Italiýaly žurnalist Nikolo Skiranyň “Twitterdäki” habaryna görä, “Ýuwentus” topary “Barselona” toparynyň ýarym goragçysy Artur Ramosa 5 ýyllyk şertnama teklip etdi. Çeşmäniň habaryna görä, şol şertnama laýyklykda, Turin şäheriniň topary oýunça her ýylda 5,2 millio”n ýewro hak tölemäge taýýardygy mälim edildi. Bu aýlyk haky ýarym goragçynyň “Barselonadaky” gazanjyndan 2 million ýewro köpdür. Mundan öň “Barselona” Artur bilen “Ýuwentusyň” ýarym goragçysy Miralam Pýaniç bilen şertnama baglaşmak isleýändigi habar berildi. Ilki başda “Barselonanyň” ýarym goragçysy Italiýa transfer bolmak islemedi, ýöne soňky habarlara görä, ol Italiýada futbol ýoluny dowam etmäge taýýar.

Artur 2018-nji ýylyň tomsunda “Barselona” geldi. Bu möwsüm 23 ýaşly ýarym goragçy Ispaniýanyň çempionatynda 19 oýunda çykyş edip, 3 gezek tapawutlanmagy başardy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi