SPORT

Artem Dzýuba – rus futbolynyň täze rekordçysy

Artem Dzýuba Russiýanyň futbolçylarynyň arasynda iň köp gol geçiren futbolçy boldy. Onuň futbol durmuşyndan geçiren gollarynyň sany 234-e deň boldy.

Häzirki wagtda Russiýanyň “Akron” toparynyň düzüminde çykyş edýän Artem Dzýuba rus çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň çäklerinde “Krylýa Sowetow” toparynyň derwezesinden geçiren goly bilen rus futbolynda täze rekordyň eýesi boldy.

36 ýaşyndaky futbolçy gollarynyň sanyny 234-e ýetirdi. Mundan ozal, bu rekord 2017-nji ýylda futbol bilen hoşlaşan we 233 gol geçiren Aleksandr Keržakowa degişlidi.

Dzýuba – “Zenit” topary bilen 4 gezek Russiýanyň çempiony we Russiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. Ol bu topar bilen 2 gezek Russiýanyň kubogyny gazandy.

Ol gysga wagtlygyna Türkiýäniň “Adana Demirspor” toparynda hem çykyş etdi. Russiýanyň “Spartak” toparynyň ýetişdiren futbolçylaryndan bolan Dzýuba “Lokomotiw”, “Tom” we “Rostow” ýaly toparlarynda hem çykyş etdi.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri