JEMGYÝET

Ar­sen Şahuns:«Türk­me­nis­tan he­mi­şe ýü­re­gim­de ýa­şa­ýar»

– Men Ma­ry şä­he­rin­de do­gul­dym. Şo­nuň üçin bu gün men öz Wa­ta­nym­da. Bu ýer­dä­ki äh­li zat me­niň üçin eziz. Duz ne­si­bäm çe­kip, öz­ge ýurt­la­ra git­sem-de, Türk­me­nis­tan we türk­men hal­ky he­mi­şe ýü­re­gim­de ýa­şa­ýar. Me­niň aý­dym­la­ry­myň kö­pü­si hut şu söý­gü­den dö­re­di. Dö­re­di­ji­li­giň nä­me­di­gi­ni, go­wy eser­le­ri dö­ret­mek üçin nä­hi­li yh­las et­me­li­di­gi­ni Türk­me­nis­tan­da sun­gat mek­de­bin­de oka­ýan dö­wür­le­rim öw­ren­dim. 6 ýa­şym­da­kam özüm­den 10 ýaş uly do­ga­nym Alek­sandr sun­gat mek­de­bin­de okap, klar­net saz gu­ra­lyn­da saz çal­ar­dy. Bir gü­nem ol dos­ty bi­len öýe ge­le­n­de, ma­ňa for­te­pia­no saz gu­ra­lyn­da bir­ki sa­ny no­ta­nyň çal­ny­şy­ny gör­kez­di. Do­ga­nym bi­len bi­le­lik­de saz çal­dyk. Şeý­le pur­sat­la­ryň yzy­gi­der­li gaý­ta­lan­ma­gy me­ni aý­dym-sa­za im­rin­dir­di. Soň­ra me­nem sun­gat mek­de­bi­ne oku­wa gir­dim. Şeý­le­lik­de, do­ga­nym me­ni bu ja­dy­laý­jy sun­ga­ta ug­ruk­dyr­dy. Soň­ra onuň bi­len bi­le­lik­de bir­nä­çe aý­dym dö­ret­dik. Şu gün­ki kon­sert­de şol aý­dym­la­ryň türk­me­nis­tan­ly diň­leý­ji­le­ri­mi­ziň he­ni­zem ýa­dyn­da­dy­gy­na şa­ýat bol­duk.

Men, esa­san, Gün­do­gar äheň­le­rin­de aý­dym aýd­ýa­ryn. Şo­nuň üçin aý­dym­la­rym Gün­do­gar halk­la­ryn­da, şol san­da Türk­me­nis­tan­da has köp diň­le­nil­ýär. Ýö­ne ola­ry rus di­lin­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­gim aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň bu ug­ru­nyň Rus­si­ýa­da we beý­le­ki Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da-da meş­hur­lyk ga­zan­ma­gy­na ge­tir­di. Paý­tagt­da­ky kon­sert­de «Eziz Aş­ga­bat», «Sak­lan, gyz!», «Dog­lan gü­nüň bi­len!» ýa­ly aý­dym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­dim. To­ma­şa­çy­lar ola­ry şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar. Ola­ryň şat­lyk-şow­hu­ny me­ni has-da joş­dur­dy.

Ýaş­lyk ýyl­la­rym­da türk­men toý­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ne şa­ýat bol­mak, ola­ry aý­dym-saz­lar bi­len be­ze­mek ne­sip et­di. Şo­ňa gö­rä, türk­men do­gan­la­ry­my­zyň toý-baý­ram­çy­lyk gün­le­ri üçin iň go­wy gör­ýän aý­dym­la­ry­ny saý­lap al­dyk. El­bet­de, Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li ady­bir aý­dym hem şow­hun­ly kon­ser­ti­mi­ziň şat­ly­gy­ny art­dyr­dy. Kon­sert mak­sat­na­ma­my­zyň jem­leý­ji pur­sat­la­ry has-da gy­zyk­ly bol­dy. Türk­men mil­li ly­ba­syn­da ýe­ri­ne ýe­ti­rmegimde «Küşt­dep­di», «Öňe, öňe, di­ňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!» ýa­ly aý­dym­la­ry to­ma­şa­çy­lar has-da go­wy gar­şy­la­dy­lar. Ola­ryň bi­rin­ji­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let tans to­pa­ry­nyň tans­çy­la­ry çy­ky­şa aý­ra­tyn be­zeg ber­di.

Ça­ga­lyk ýat­la­ma­la­ry ömür­bo­ýy ýa­kym­ly pur­sat­lar bo­lup ýat­da gal­ýar. Dat­ly türk­men ta­gam­la­ry­ny diý­seň go­wy gör­ýä­rin. Türk­me­nis­ta­na her ge­zek ge­le­nim­de, aý­ra­tyn myh­man­sö­ýer­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar, türk­men ta­gam­la­ry bi­len hez­zet­le­ýär­ler.

Türk­men do­gan­la­ry­my­zyň ara­syn­da bo­lup, ola­ryň baý­ram­çy­lyk şat­ly­gy­ny deň paý­laş­ma­ga dö­re­dilen müm­kin­çi­lik­le­r üçin Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­ne çäk­siz sag­bol­sun aýd­ýa­ryn. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry, äh­li türk­men hal­ky­ny ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýyl bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn – diýip, rus aýdymçynyň beýan edenlerini “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri