JEMGYÝET

“Arkadag” toparynyň Türkmenistan klublaýyn reýtingine goşan uly goşandy

Türkmenistan futbol klublarynyň AFK-nyň ýaryşlaryndaky üstünlikli çykyşlary bilen soňky üç ýylyň rekordyny täzeledi. Gürrüň AFK-nyň klublaýyn reýtingi barada barýar. Hususan-da, «Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky goşa ýeňşinden soň, Türkmenistana şu möwsümde berlen utuklar 3,450-ä (üç bitin müňden dört ýüz elli) çykdy. Munuň özi 2021-nji ýyldan bäri iň ýokary netijedir.

Mundan üç ýyl ozal yklym ýaryşlarynda 3,125 utuk toplan bilen ýurdumyz 2022-nji ýyly 2,640 utuk bilen jemledi. Geçen ýylda bolsa türkmen toparlarynyň yklym ýaryşlaryndaky çykyşlaryna 3,078 utuk berildi.

Ýeri gelende aýtsak, soňky 8 möwsümiň rekordy 2018-nji ýyla degişlidir. Şol ýyl «Altyn Asyryň» AFK-nyň kubogynyň finalyna çenli baryp ýetmegi biziň ýurdumyza 7,583 utuk gazandyrdy. Türkmenistan 2019-njy ýyly bolsa 5,267 utuk bilen jemledi.

AFK «Arkadag» toparynyň düýnki ýeňşi üçin Türkmenistana ýene 0,750 utuk goşdy. Şeýlelikde, biziň ýurdumyz 8 ýylyň dowamynda ahyrsoňy 20 utukdan geçdi. Häzirki yklymyň klublaýyn reýtinginde Türkmenistanyň 20,211 utugy bar.

Reýtingiň utuklary bir möwsümden soňraky yklym ýaryşyna (mysal üçin, häzirki reýting 2026/27-nji ýyllaryň möwsümine) täsirini ýetirýär. Häzir reýtingiň 20-nji ornuny eýeleýän Türkmenistan möwsümi şu orunda tamamlasa, ýene bir möwsümden soň hem AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyryna bir, Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna hem bir topar ýollap biler. Türkmenistan AFK-nyň ikinji derejeli Çempionlar ligasyna iki topar ýollap bilmek üçin azyndan 18-nji orna göterilmeli bolar.

«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlaryndan Gyrgyzystan («Abdyş-Ata») 23-nji, Kuweýt («Al-Arabi») 25, Maldiwler («Maziýa») 31-nji orunda. Eger «Arkadag» topary 1-nji noýabrda «Al-Arabi» bilen geçiriljek duşuşykda hem ýeňiş ýa-da utuk gazanyp bilse, ýurdumyzyň reýting utuklarynda ýene öňegidişlik bolar.

Ýene-de okaň

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi

8-12-nji dekabr aralygynda Aşgabadyň merkezi köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ata Watan Eserleri