SPORT

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Saud Arabystany ligasynda «Al-Hilal» topary çempionlyk ýaryşyndaky esady bäsdeşi «Al-Nasr» klubyndan 7 utuk öňe geçdi. “Arkadag” toparynyň AFK Çempionlar ligasy-2 ýaryşyyndaky garşydaşy “Al-Nasr” topary bassyr 3 oýundan bäri ýeňlip gelýär. Bu toparlaryň duşuşygy 11-nji fewralda Aşgabatda geçiriler.

Tälimçi Simone Indzaginiň ýolbaşçylygyndaky topar çempionatyň 15-nji tapgyrynda Kristiano Ronaldunyň çykyş edýän toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Häzirki wagtda «Al-Hilal» 38 utuk bilen sanawyň birinji orunynda ýerleşýär, «Al-Nasr» bolsa 31 utuk bilen ikinji orunda barýar.

Bu «Al-Nasr» üçin yzly-yzyna ýeňiş gazanyp bilmedik dördünji duşuşyk boldy. Mundan öň ol «Al-Kadisiýadan» (1:2) utuldy, «Al-Ahli» bilen duşuşykda (2:3) ýeňildi, 2025-nji ýylyň soňky oýnunda bolsa «Al-Ittifak» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

Er-Riýadyň topary häzir «Al-Taawun» bilen deňleşdi (31 utuk, ätiýaçda bir oýny bar).

RONALDO 959-NJY GOLUNY GEÇIRDI

«Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo karýerasyndaky 959-njy goluny geçirdi.

40 ýaşly futbolçy Saud Arabystany çempionatynyň 15-nji tapgyrynda «Al-Hilal» bilen geçirilen duşuşykda bir gol geçirdi.

Häzirki wagtda portugaliýaly futbolçynyň klub derejesinde 817 goly, milli ýygyndy düzüminde bolsa 142 goly bar.

Ýene-de okaň

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri

Norwegiýanyň gyşky Olimpiýa oýunlaryndaky nobatdaky rekordy