Arkadag şäheriniň adybir «Arkadag» futbol kluby bassry üçünji ýyl wagtyndan öň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýeňijisi boldy.
“Arkadag” topary bu abraýa 23-nji tapgyryň çäginde paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykanyndan soň mynasyp boldy. Topara ýeňiş getiren topy oýnuň 68-nji minutynda Didar Durdyýew öz adyna ýazdyrdy.
Şeýlelikde, «Arkadag» kluby «Altyn Asyr» bilen aratapawudy 26 utuga ýetirip, wagtyndan öň çempionlygyny gazandy.
2023-nji ýylda esaslandyrylan «Arkadag» futbol kluby özüniň ilkinji möwsüminde Türkmenstanyň çempiony bolmagy hem-de ýurduň Kubogyny eýelemegi başarypdy. Şonuň üçin hem, bu topar Aziýa yklymynyň klublarynyň arasydaky üçünji derejeli ýaryşa — AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Geçen möwsüm bolsa ýurdumyzyň çäginde gazanan kuboklarynyň üstüni AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky gazanan ýeňşi bilen ýetirdi.
23-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Ahal” – “Arkadag” – 0:1
Gol: 68 Didar Durdyýew (“Arkadag”)
Duýduryşlar: 48 Gurbangeldi Garajaýew, 54 Mekan Muhammedow, 55 Bäşim Gurbanberdiýew, 64 Begenç Mämiýew (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” st. (Aşgabat ş. )
Duşuşygyň emini: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Weliýew (Änew ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: H.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: A.Hajypolatow (Balkanabat ş.)
“Merw” – “Köpetdag” – 2:2
Gollar: 37 Kemal Annamuhammedow, 73 Mukam Nazzyýew (“Merw”) – 70 Daýanç Meredow, 90+1 Orazmuhammet Işangulyýew (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 60 Hajymuhammet Orazow (“Merw”) – 89 Orazmuhammet Işangulyýew, 90+5 Emir Berdiýew (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Merw” st. (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)
Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), U.Atamyradow (Änew ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
“Şagadam” – “Aşgabat” – 2:1
Gollar: 46 Mekan Aşyrow, 90+8 Ionel Kosofana (“Şagadam”) – 33 Pirmyrat Sultanow (“Aşgabat”)
Duýduryşlar: 84 Ruslan Priýew (“Şagadam”) – 84 Mergen Nurlyýew, 90+3 Ysmaýyl Nyýazberdiýew (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: “Şagadam” st. (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: A.Begnazarow (Mary ş.)
Kömekçi eminler: H.Amanmämmedow (Balkanabat ş.), Ş.Ýusupow (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Berenow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | «Arkadag» FK | 22 | 22 | 0 | 0 | 89-13 | 66 |
| 2. | «Altyn Asyr» FK | 22 | 12 | 4 | 6 | 38-26 | 40 |
| 3. | «Şagadam» FK | 22 | 11 | 6 | 5 | 27-25 | 39 |
| 4. | «Ahal» FK | 20 | 11 | 3 | 6 | 35-20 | 36 |
| 5. | «Nebitçi» FK | 21 | 6 | 5 | 10 | 16-29 | 23 |
| 6. | «Aşgabat» FK | 23 | 5 | 3 | 15 | 18-48 | 18 |
| 7. | «Merw» FK | 22 | 2 | 6 | 14 | 11-35 | 12 |
| 8. | «Köpetdag» FK | 22 | 2 | 5 | 15 | 15-53 | 11 |
