DÜNÝÄ

«Arkadag» topary «Al-Nasryň» garşysyna ak köýnekçede çykyş eder

AFK-nyň Çempionlar ligasy-2 bäsleşiginiň 1/8 finalynyň çäginde duşuşýan «Arkadag» (Türkmenistan) bilen «Al-Nasr» (Saud Arabystany) toparlarynyň arasyndaky oýnuň öňüsyrasy Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň, Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň, futbol klublarynyň, guramaçylyk komitetiniň we degişli jogapkär bölümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşykdan öňki däp bolan ýygnak geçirildi.

“Ýyldyz” myhmanhanasynyň konferens zalynda geçirilen oýnuň öňüsyrasyndaky ýygnakda guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toparlaryň meýdançada haýsy reňkli köýnekçede oýnajakdyklary kesgitlenildi.

Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň çempiony ýer eýesi hökmünde ak köýnekçede meýdança çykar, «Al-Nasryň» oýunçylary bolsa sary köýneçede oýnarlar. Bu duşuşyga bahreýnli Ammar Ibrahim Hasan Mahfudyň ýolbaşçylygyndaky eminler topary eminlik ederler.

Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» bilen «Al-Nasr» toparlarynyň arasyndaky 1/8 finalyň ilkinji duşuşygy 11-nji fewralda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen sagat 18:45-de başlanar. Jogap duşuşygy bolsa 18-nji fewralda Er-Riýad şäherinde geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy