JEMGYÝET

“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň kubogyny gazandy

Arkadag şäheriniň “Arkadag” topary türkmen futbolunyň halkara arenasyndaky iň uly ýeňişleriniň birini gazanmagy başardy. Gatnaşýan islendik ýaryşynda diňe ýeňiş gazanmagy esasy maksady edinýän “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, gysga wagtyň dowamynda taryhy netije gazanmagy başardy.

Toparymyza taryhy ýeňiş getiren toplary Mekan Saparow (59-njy minut) bilen Altymyrat Annadurdyýew (112-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar.

“Arkadag” toparynyň garşydaşy hakynda bellesek, toparçalaýyn bäsleşiginde ikinji orny eýeläninden soň abraýly ýaryşyň çärýekfinalyna adyny ýazdyrypdy.

Ispaniýaly tälimçi Pep Munýosyň türgenleşdirýän topary çärýekfinalda Mýanmanyň çempiony “Şan Ýunaýted” ýarym finalda bolsa Indoneziýanyň “Madura Ýunaýted” toparlaryndan üstün çykagy başarypdy.

Abraýly ýaryşyň ilkinji oýunlaryndan aýgytlaýjy duşuşyga çenli ynamly oýun görkezen tejribeli tälimçi Wladimir Baýramowyň tälim berýän “Arkadag” topary toparçalaýyn bäsleşigini öňdäki orunda tamamlady. «B» toparçada çykyş eden toparymyz şonda Maldiw adalarynyň “Maziýa Sports”, Gyrgyz Respublikasynyň “Abdyş-Ata” hem-de ýerli “Al-Arabi” toparlary bilen geçirilen duşuşyklarda netijeli çykyş edipdi.

Çärýek final duşuşygynda bolsa iki oýnuň netijesinde (1:0, 2:1) Hindistanyň “Ist-Bengal” toparyndan üstün çykypdy.

Kuweýtiň “Al-Arabi” topary bilen geçirilen duşuşykda myhmançylykda geçiren birinji duşuşygynda ýeňlendigine garamazdan, Arkadag şäherindäki 10 müňlük ajaýyp stadionda geçirilen jogap oýnunda kyn pursatdan hem baş alyp çykýandygyny aňryýany bilen görkezmegi başarypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar