SPORT

«Arkadag» topary AFK-2 Çempionlar ligasynda «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady

Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Kataryň «Al-Ahli» topary bilen AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda myhmançylykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady.

Ýer eýeleri Mateý Mitrowiç (41-nji minut) we Mişel Wlap (56-njy minut) bilen 2:0 hasabynda öňe saýlandy. Muňa garamazdan, ruhdan düşmän erjel oýun görkezen “Arkadag” topary Baýram Ataýewiň (79-njy minutda) we Mekan Saparowyň (90+1-nji minutda) geçiren gollary bilen hasaby deňledi.

Toparça beýleki duşuşygynda Özbegistanyň «Andijan» topary öz meýdanynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubuny kabul etdi. Oýun 0:0 hasabynda tamamlandy.

Üç tapgyrdan soň «Al-Haldiýa» 5 utuk bilen toparça öňdeligi saklaýar. «Andijan» bilen «Al-Ahli» 3 utukdan toplady. «Arkadag» topary bolsa 2 utuk bilen barýar.

“Arkadag” topary nobatdaky duşuşygyny 5-nji noýabrda “Arkadag” stadionynda geçirer.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi