SPORT

Arkadag şäheriniň 10 müňlük stadionynda ilkinji futbol duşuşygy geçirildi

Arkadag şäherindäki 10 müňlük stadionyň açylyş dabarasy mynasybetli “Arkadag” hem-de “Ahal” toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçirilen bu duşuşyk 3:0 hasabynda “Arkadag” toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Begmyrat Baýow, Şanazar Tirkişow hem-de Orazberdi Myradow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Duşuşygyň netijesi:

 “Arkadag” – “Ahal” – 3:0

Gollar: 40 Begmyrat Baýow, 51 Şanazar Tirkişow, 89 Orazberdi Myradow (“Arkadag”)

Duýduryş: 26 Ilýa Tamurkin (“Arkadag”)

Geçirilen ýeri: Arkadag şäheri

Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.) 

Kömekçi eminler: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.), Eziz Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Nariman Garajaýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Rustam Japarow (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: Oraz Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.)

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy