Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi hem-de ýol-ulag düzümine degişli desgalary abadanlaşdyrmak boýunça maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz Arkadag şäherine tarap barýan ýoluň ugrundaky köpzolakly halkalaýyn ýoluň ýanynda saklandy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, aýratyn-da, aýlawly ýoldan Arkadag şäherine çenli uzaýan köçäniň durkuny täzelemek, ony düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar, ýoluň yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri barada hasabat berdi.
Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýoluň umumy görnüşi, onuň ugrunda ekilmegi meýilleşdirilýän baglaryň, teklip edilýän ýol belgileriniň, mahabat hem-de yşyklandyryş ulgamyna degişli sütünleriň görnüşleri bar. Şeýle hem ýol ýakalarynda oturdyljak heýkeller barada giňişleýin hasabat berildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýoluň ýakalarynda ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylmagynyň we olaryň binýadynda bedewleriň nesil ugruna, taryhyna we gazanan üstünliklerine degişli maglumatlaryň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Arkadagymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýoluň her tarapynda welosiped ýodalarynyň, atly gezelençler üçin çäge düşelen ýodalaryň gurulmagynyň zerurdygyny nygtady.
D.Orazow Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň we ýurdumyzyň atşynaslarynyň Milli Liderimize şu ýerden täze şähere çenli uzaýan ýoly “Ahalteke atlary” şaýoly diýip atlandyrmak baradaky haýyşlaryny beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz bu mesele boýunça Türkmenistanyň Mejlisine degişli teklibiň ugradylmalydygyny we ony Mejlisiň oňlan halatynda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli resminamanyň taýýarlanyljakdygyny aýtdy we birnäçe maslahatlaryny berdi.