JEMGYÝET

Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler

Şu ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa Arkadag şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen VI Wena baly görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilip geçilişi ýaly, VI Wena balyna ýurdumyzda giňden bellenilip geçiljek Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan dabaralaryna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadag şäherinde geçiriljek VI Wena balyna gowy taýýarlyk görmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklar berdi.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji 11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär