JEMGYÝET

Arkadag şäherinde ilkinji gezek türkmen arçasy ekiler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine gelip, bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy teklip edilýän döwrebap desgalaryň şekil taslamalary hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, täze şäherde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, ýurdumyzyň ussat bagbanlarynyň ösdürip ýetişdiren türkmen arçasynyň nahallarynyň şu gezekki bag ekmek möwsüminde köpçülikleýin ekilmegini teklip edýändikleri barada hasabat berdiler.

Alym Arkadagymyz ilkinji gezek Arkadag şäherinde ekilmegi teklip edilýän türkmen arçasynyň ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdylmagyny makullap, bag nahallary ekilenden soňra, olara agrotehniki kadalara laýyk gelýän ideg işleriniň yzygiderli ýola goýulmagy babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny we degerli maslahatlaryny berdi.

Türkmen arçasy häzirki wagtda Ahal welaýatynda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Welaýatda zähmet çekýän telekeçi bagbanlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary netijesinde ýer böleklerini alyp, ylmy işleri alyp barmak bilen, türkmen arçasynyň dürli görnüşlerini döredendiklerini, bu baglaryň welaýatyň etraplarynda ekilýändigini uly buýsanç bilen belleýärler. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny has-da rowaçlandyrýar, bu ugurda iş alyp barýan hususyýetçileri hemmetaraplaýyn goldaýar.

Soňra lukman Arkadagymyz täze şäheriň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklaryny synlady. Önümçilik toplumynyň binalarynda alnyp barylýan işleriň, önümçilikde ulanylýan çig mallaryň ýokary hilli bolmagy, önümçilik galyndylarynyň talabalaýyk gaýtadan işlenilmegi möhüm talap bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde önümçilikleriň ýerli ilatyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyna täsirini ýetirmezden alnyp barylmalydygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-nesihatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyryň gurluşygynyň batly depginde alnyp barylýan ýerine gelip, bu ýerde şekil taslamalary bilen tanyşdy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň binalarynyň, Arkadag şäherinde gurulýan muzeýiň içki bezeg işleriniň, onuň sergi bölümleriniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bar.

Milli Liderimiz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Gahryman Arkadagymyz durmuş we önümçilik maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň we awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş hem-de hasaba alyş gullugynyň teklip edilýän binalarynyň şekil taslamalaryny synlady. Binalarda işleri sazlaşykly alyp barmak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir we toplumyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir. Munuň özi awtoulaglara edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün eder.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýokary derejeli dostluk” ordeni bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri serhetýaka söwda merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: haryt dolanyşygy 2 milliarda ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistanyň Prezidentleriniň ikiçäk duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýdy

Ata Watan Eserleri