DÜNÝÄ

Arkadag şäheri Malaýziýada tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalowyň we Kuala Lumpur şäheriniň häkimi Datuk Seri Mahadi Çe Ngahyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda, şol sanda şäher ösüşi we şäherleşme pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheri barada Kuala Lumpur şäheriniň häkimini we häkimligiň wekillerini giňişleýin tanyşdyrdy we degişli şekiller we maglumatlar bilen malaý tarapy üpjün edildi.

Arkadag şäherinde gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylýandygy, şeýle hem «akylly» öýleriň hyzmatlaryny uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman innowasiýa tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygy we ulag pudagynda «akylly» ulgamlary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalaryň işlenip düzülendigi aýratyn bellendi.

Malaý tarapy Arkadag şäherindäki infrastrukturalaryň halkara standartlarda ýokary hilde bolmagyna, maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylýandygyna we daşky gurşawyň goragynyň göz öňünde tutulyp gurulýandygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem şähergurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bu ugurda ýurtlarymyzyň arasynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirildi.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi