Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemal tapan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň açylyşyna uly taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli kömek-goldawlary netijesinde, bu ýerde döwrebap şäher düzümi kemala geldi. Sebitde ýeke-täk «akylly» şähere öwrüljek Arkadag şäheriniň gözel keşbi bu gün diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, halkara jemgyýetçiligiň hem ünsüni özüne çekýär.
Ýeri gelende bellesek, döwrebap şäherde elektomobilleriň hem-de elektrobuslaryň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň köňül arzuwyndan bina bolan ajaýyp şäherde döwrebap ulag düzüminiň döredilmegi raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge uly ýardam berýär.
Arkadag şäheri häzirki zaman şähergurluşygynyň iň soňky gazananlary esasynda bina edilip, innowasion täzelikleriň we ajaýyp ekologik gurşawyň merkezine öwrüldi. Ýaşaýyş jaýlaryndan başlap ähli edara binalarynyň «akylly» tilsimatlar bilen üpjün edilmegi adamlar üçin ähli amatly durmuş ýeňillikleriniň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu şäher ýurdumyzyň özboluşly şähergurluşyk strategiýasynyň miwesidir. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösüşiniň, ýurdumyzyň ähli babatda ýetýän belent sepgitleriniň nyşany bolan we milliligi özünde jemleýän ajaýyp binalar hem-de desgalar onuň netijesidir. Olara Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini, tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň atlary dakylyp, kanunçylyk esasynda berkidildi. Munuň özi türkmeniň milli ýol-ýörelgeleriniň häzirki wagtda hem üstünlikli dowam etdirilýändiginiň we amala aşyrylýan şähergurluşyk konsepsiýasy bilen utgaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda gurluşygy dowam etdirilýän döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda görnükli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmekde, nesilleri hem-de döwürleri baglanyşdyryp gelýän milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda, şu günki we geljekki nesillerde guwanç duýgusyny döretmekde dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýandygy hemmelere mälimdir. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, beýleki binalar bilen birlikde, Arkadag şäherinde gurulýan binalar meşhur türkmen şahsyýetleriniň atlary bilen ebediýetleşdirilýär.
Ýurdumyzda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylmagy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanmasydyr. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli belent maksatly özgertmelere badalga berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halkymyzyň kalbyndan joşup çykýan alkyşly sözleri çäksizdir.
Uzuk Agabaýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.