JEMGYÝET

«Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany» atly halkara maslahat geçirildi

Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda utgaşykly görnüşde geçirilen Halkara maslahat geçirildi, onda atşynaslykda gazanylan üstünlikler we bu pudagy ösdürmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meselelere seredildi diýip, Türkmenistan Döwlet habar gullugy habar berýär.
Ahalteke atlarynyň watany bolan Türkmenistan häzirki taryhy döwürde dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň, hünärmenleriniň we alymlarynyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän hem-de tejribe alyşýan merkezine öwrüldi.
Maslahata türkmen hem-de we daşary ýurt pudaklaýyn düzümleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ugurdaş komitetiniň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary, şeýle-de pudagyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň gözelligi we asyllylygy babatda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini dünýä peşgeş bermek bilen çäklenmän, eýsem asyrlaryň dowamynda bu täsin tohumy yzygiderli kämilleşdirip, onuň arassalygyny saklap gelendigi çykyşlarda nygtaldy.
Behişdi bedewler häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan beýik üstünlikleriniň, döwürleriň we nesilleriň dowamat dowamynyň nyşany bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ahalteke tohumynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen wekiliniň keşbini janlandyrýan «Akhan» binasynyň Arkadag şäheriniň ajaýyplyklarynyň biri bolmagy-da aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri