SPORT

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň gözelleşmeginde möhüm orna mynasyp bolan Olimpiýa şäherçesine baryp görmek we onuň mümkinçilikleri bilen tanyşmak barada Gahryman Arkadagymyza haýyş bilen ýüz tutdular. Gahryman Arkadagymyzyň olaryň haýyşlaryny kanagatlandyrmagy bilen, milli sportuň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşmagy esasy ýörelge edinen ýetginjekler Olimpiýa şäherçesinde boldular. Bu çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat bermeginde geçirildi.
Ýetginjek türgenler öňde boljak halkara futbol duşuşygyna taýýarlyk işleri bilen tanyşdylar. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen esaslandyrylan «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» futbol topary bilen geçirjek duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde geçirýän türgenleşiklerini synladylar.

Aziýa sebitinde iň uly stadion hökmünde ykrar edilen 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda ýetginjek türgenler dünýäde uly meşhurlyk gazanan we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sport abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşýan ussat futbolçylaryň türgenleşiklerine syn etdiler. Bu görnüşler olarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende göterjek ýaşlaryň milli sporta bolan buýsanjyny artdyrdy.
Ýetginjek futbolçylar «Arkadag» futbol toparynyň türgenleşiklerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Munuň özi ýaş futbolçylar üçin ýatdan çykmajak wakalary özünde jemleýän pursatlara öwrüldi.
«Arkadag» futbol toparynyň oýunçylary bu ýerde Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary hem-de «Arkadag» futbol toparynyň ýaş wekilleri bilen gürrüňdeş boldular. Şeýle hem bu ýerde türkmen sportunyň taryhynda uly şöhrat gazanan toparyň oýunçylary körpe nesillere şanly wakalardan ýadygärlik hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlary gowşurdylar

Ýene-de okaň

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri

Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlary badalga aldy

Türkmen okuwçylary we talyplary 62 medal gazandylar

«Arkadag»-«Al-Nasr» duşuşygy: Aşgabat owadan ýazgylar bilen bezeldi