JEMGYÝET

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

“Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. “Arkadag” topary ýurdumyzyň “Ýokary ligasyndaky” çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdiler. Arkadag şäheriniň adybir topary “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda geçen ýyl finalda çykyş eden “Ahal” toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy garaşylyşy ýaly “Arkadag” toparynyň hüjümlerinde geçdi. Geçirilen hüjümleriň netijesinde 45-nji minutda “Arkadag” toparynyň oýunçysy Begenç Akmämmedowyň depen topy netije geirdi – 1:0. Duşuşygyň ikinji ýarymynda toparlar hernäçe hüjüm etseler-de hasap üýtgemedi.

2023-nji ýylyň başynda döredilen “Arkadag” toparynyň Kubok bäsleşiginde bassyr ikinji ýyl ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Geçen möwsüm geçirilen birinji final duşuşygynda bu topar “Ahaly” 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edipdi.

“Ahal” toparynyň ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşikde dört gezek ýeňiş gazanmagy başardy. Kubok bäsleşiginiň 2013-nji ýylda geçirilen final duşyşygynda “Altyn Asyr” toparyny 2:1 hasabynda ýeňen topara şol ýyl Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbany tälim beripdi. 2014-nji ýylda “Balkandan” 3:2 hasabynda üstün çykan topar bu üstünlige Guwançmuhammet Öwekowyň ýolbaşçylygynda ýetdi. 2017-nji ýyldaky üstünlik Röwşen Meredowyň tälimçiliginde gazanyldy. Şol ýyl “Ahal” topary paýtagtymyzyň “Köpetdag” stadionynda geçirilen duşuşykda “Şagadamy” 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 2022-nji ýylda “Şagadam” bilen geçirilen duşuşykdaky üstünlik Mergen Orazowyň tälimçiliginde gazanyldy. Şonda topar garşydaşyny 5:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şu ýylyň dowamynda dürli ýaryşlarda bu toparlar bäş gezek özara güýç synanyşdylar. Olaryň hemmesinde hem ýeňiş “Arkadag” toparynyň tarapynda boldy: Türkmenistanyň “Ýokary Ligasynyň” çäginde – 4:1, 4:0, 5:1, 2:1, Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda – 3:1.

 

Kubok bäsleşiginiň final duşuşygy:

 “Arkadag” – “Ahal” – 1:0

Gol: 45 Begenç Akmämmedow (“Arkadag”)

Duýduryşlar: 39 Begenç Akmämmedow, 66 Mekan Saparow, 89 Abdy Bäşimow (“Arkadag”) – 33 Magtymberdi Berenow, 84 Azat Rahmanow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: Ahmet Begnazarow (Mary ş.), Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Eziz Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa sebiti boýunça ilkinji tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Ata Watan Eserleri

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy iş gerimini barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ykdysadyýet toplumynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalary

Türkmenistan bilen Hindistan ýokary derejeli saparlary gurnar

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy rumyn diline terjime edildi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Ata Watan Eserleri