SPORT

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

«Arkadag» bilen «Al-Nasr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga gelen janköýerleriň stadiondaky oturmaly ýerlerini çalt we amatly tapmagy üçin degişli maglumatlar berilýär.

Peteklerde görkezilen sektoryň san belgisi stadiona haýsy girelgäniň has amatlydygyny kesgitleýär. Stadionyň ähli daş-töwereginde ýerleşdirilen girelgeleriň her biriniň diwarynda onuň haýsy sektorlara eltýändigini görkezýän uly san belgiler ýerleşdirilendir.

Şeýle-de sektoryň san belgisi janköýerlere orunlarynyň haýsy gatda ýerleşýändigini hem aňladýar. Eger san belgisi 1-lik bilen başlanýan bolsa, orunlar birinji gatda, 2-lik bilen başlanýan bolsa, ikinji gatda, 3-lük bilen başlanýan bolsa, üçünji gatda ýerleşýär. Şoňa görä-de, degişli basgançaklardan ýokary galmak zerur bolýar.

Eger-de janköýerler orunlaryny tapmakda kynçylyk çekseler, stadionyň ähli ýerinde hyzmatda boljak ýüzlerçe meýletinçiler gysga wagtyň içinde zerur kömegi bererler.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi