SPORT

Argentina-Fransiýa finaly: täze rekordlara garaşylýar

Ertir takmynan bir aý dowam eden hem-de Ýakyn Gündogarda, ýagny Katarda güýz-gyş aýlarynda geçirilen fubol boýunça dünýä çempionatynyň çempiony belli bolar. Kataryň uly maýa goýumlar bilen taýýarlanan hem-de köp sanly rekordlaryň gazanylan çempionatynda 18-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen 20:00-da çempionatyň iň uly stadiony bolan 88 müň orunlyk Lusail stadionynda Argentina bilen Fransiýa duşuşar.

Polşaly emin Simon Marçiniagyň eminlik etjek duşuşygynda soňky dünýä çempiony Fansiýa bilen taryhynda 6-njy gezek finala çykan, ozal hem 2 gezek dünýä çempiony bolan Argentina bäsleşer.

Bir tarapda futbol taryhynda köp sanly rekordlary gazanan Lionel Messi, beýleki tarapda bolsa, futbolyň ösüp barýan ýyldyzy Kilian Mbappe bar. Iki futbolçy hem bu dünýä çempionatynda 5 gol geçirdi. Olaryň ikisiniň biri çempionatyň iň köp gol geçiren futbolçysy we çempionatyň iň gowy futbolçy diýen baýraga dalaşgär.

1998-nji ýylda Braziliýany 3:0 hasabynda, 2018-nji ýylda Horwatiýany 4:2 hasabynda utup, 2 gezek dünýä çempiony bolan Fransiýa 2006-njy ýylda finalda Italiýa ýeňlipdi.

Argentina bolsa, 1978-nji ýylda Niderlandlary 3:1, 1986-njy ýylda Germaniýany 3:2 hasabynda utup, 2 gezek dünýä çempiony bolmagy başarypdy. Ilkinji dünýä çempionatynda Urugwaýdan finaldan 4:2 hasabynda ýeňlen Argentina soňra 1990-njy we 2014-nji ýyllarda finalda Germaniýadan 1:0 hasabynda utulyp, dünýä çempiony bolmak hukugyndna mahrum bolupdy.

FRANSIÝA YZLY-YZYNA ÇEMPION BOLAN 3-NJI ÝURT BOLMAGA DALAŞGÄR

Dünýäniň soňky çempiony Fransiýa bu çempionatda hem ýeňiş gazanan halatynda, 2018-nji we 2022-nji ýyllardaky dünýä çempionatynda çempion bolan we yzly-yzyna arzyly kubogyň eýesi bolan 3-nji ýurt bolmaga dalaşgär.

Mundan ozal, 1934-nji we 1938-nji ýyllarda Italiýa we 1958-nji we 1962-nji ýyllarda bolsa, Peleli Braziliýa yzly-yzyna çempion bolan milli ýygyndylardyr. Fransiýa şol ýurtlaryň hataryna goşulmak isleýär.

MESSINIŇ KARÝERASYNDA BOLMADYK ÝEKE-TÄK KUBOK

“Barselona” hem-de “PSŽ” toparlary bilen köp sanly kubolary gazanan 35 ýaşyndaky Lionel Messi dünýä çempionatynyň çempiony bolup görmedi. Ol 2014-nji ýylda bu arzyly kubogy bir ädim golaýlapdy.

Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen geçen ýyl Kopa Amerikada çempion bolupdy. Ol ertir Fransiýadan üstün çykyp, karýerasyndaky bolmadyk ýeke-täk kubogy gazanmak isleýär.

MBAPPE PELENIŇ REKORDYNA ŞÄRIK BOLMAKÇY

Fransiýanyň ýaş ýyldyzy Kilian Mbappe 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda gol geçirip, Peleden soňra dünýä çempionatynyň final duşuşygynda gol geçiren iň ýaş futbolçy bolupdy. Bu gezek hem çempion bolup, Pele ýaly yzly-yzyna çempion bolmagy başaran futbolçy bolmagy arzuw edýär.

MESSÄ GARAŞÝAN REKORDLAR

Lionel Messi Argentina bilen Fransiýanyň arasyndaky final duşuşygynda oýnap, dünýä çempionatynyň 25 duşuşygynda ýaşyl meýdança çykan Lotar Matteusyň rekordyny täzeläp, 26-njy duşuşygyny oýnar.

Şol bir wagtda Messi bu duşuşykda 23 minut oýnan halatynda dünýä çempionatynda iň uzak wagt meýdança bolan, ýagny 2217 minut futbol oýnan Paolo Maldini bilen deňleşer. Messiniň görkezijisi 2194 minuta deňdir.

Messi dünýä çempionatynda 18-nji gezek toparynyň kapitany hökmünde meýdança çykar. Ol bu ugurda hem rekordyň eýesidir.

GÜNORTA AMERIKA BILEN ÝEWROPANYŇ 11-NJI DUŞUŞYGY

Dünýä çempionatynyň final duşuşyklarynda Günorta Amerika bilen Ýewropayň milli ýygyndylary 11-nji gezek duşuşýar. Şol duşuşyklaryň 7-sinde Günorta Amerikanyň ýygyndylary ýeňiş gazandy. 3-sinde bolsa, Ýewropanyň wekilleri çempion bolmagy başardy.

1990-njy we 2014-nji ýyllarda Argentina Germaniýadan ýeňlip, 1998-nji ýylda bolsa, Braziliýa Fransiýadan utulypdy.

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov