DÜNÝÄ

Araş Aşgabatda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert berdi

Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynda eýranly meşhur aýdymçy Araş Labafyň konserti guraldy.  Konserte tomaşa etmäge köpsanly aýdym-saz muşdaklary ýygnandylar, olar eýranly dünýä meşhur aýdymçy Araş Labafy şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Şeýle konsertleri guramak Türkmenistandaky ähmiýetli wakalaryň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ajaýyp däpleriň birine öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, şeýle konsertleriň yzygiderli geçirilmegi halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we medeni gatnaşyklaryň işjeňleşmegine ýardam berýär.

Araş, abraýly halkara baýraklarynyň köp sanly eýesi, häzirki zaman ritmleri bilen gündogar ähenleriniň sazlaşykly utgaşmasyny özünde jemleýän şou-maksatnamasyny hödürledi.

Aýdymçynyň her bir çykyşy uly şowhun bilen garşylandy, ol öz wagtynda birinji orunlary eýelän «Boro Boro» we «Pure Love» ýaly aýdymlary bilen türkmen muşdaklaryny begendirdi.

Bu konsert maksatnamasy Aşgabatdaky aýdym-sazly dabaralaryň täsirli başlangyjy boldy. Tomaşaçylar dürli nesilleriň diňleýjilerini birleşdiren ajaýyp çykyşdan we agzybirlik atmosferasyndan lezzet aldylar.

Aýdym-sazly baýramçylyk dowam edýär: ýakyn günlerde Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna beýleki meşhur ýerine ýetirijiler — russiýaly rep artist MOT we türkiýeli aýdymçy Semicenk bilen duşuşyklar garaşýar.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk