BIZNES

“Apple” we “Amazon”-yň satuwlary garaşylandan pes boldy

ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýasy “Apple”-iň beren beýanyna görä, 25-nji sentýabrda tamamlanýan çärýek balansynda dördünji çärýek hasaplanýan kompaniýanyň girdejisi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29 göterim artyp, 83,4 milliard dollara ýetdi. Kompaniýa geçen ýylyň degişli döwründe 64,7 milliard dollar girdeji gazandy.

Hasabatda ýokarlanandygyna garamazdan, bazaryň garaşyşlaryndan pes bolan kompaniýanyň girdejisiniň bu döwürde 84,9 milliard dollar bolmagyna garaşylýardy. Geçen ýylyň degişli döwründe 12,7 milliard dollar bolan arassa girdejisi 62,2 göterim ýokarlap, 20,6 milliard dollara ýetdi. Bu döwürde kompaniýanyň paýdan alýan girdejisi 0.73 dollardan 1,24 dollara çenli ýokarlandy. Şeýle hem, “Apple” -iň smartfony, planşeti we kompýuter satuwy artdy. Iýul-sentýabr aýlarynda “iPhone” satuwynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 47 göterim artyp, 38,9 milliard dollara ýetdi. Şol döwürde “iPad” -yň satuwy 21,4 göterim ýokarlap, 8,3 milliard dollara, “Mac” -yň satuwy bolsa 1,6 göterim ýokarlap, 9,2 milliard dollara ýetdi.

Amerikanyň elektron söwda ägirdi “Amazon” hem şu ýylyň üçünji çärýeginde balans hasabatyny çap etdi. Kompaniýanyň beýanyna görä, “Amazonyň” şu ýylyň iýul-sentýabr aýlaryndaky girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 göterim ýokarlap, 110,8 milliard dollara ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwründe kompaniýanyň arassa satuwy 96,1 milliard dollar boldy. Bazar garaşyşlaryndan pes bolan kompaniýanyň girdejisi bu döwürde 111,6 milliard dollara ýeter diýlip çaklanylýardy. Emma, bu döwürde “Amazon” -yň arassa girdejisi 3,2 milliard dollara çenli azaldy. Kompaniýanyň geçen ýylyň degişli döwri arassa girdejisi 6,3 milliard dollar bolupdy.

 

Türkmenistandan Russiýa 25-nji uçar gatnawy amala aşyryldy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürler forumy geçirilýär

“Merkezi Aziýa-ABŞ” işewürlik forumy Bişkekde geçiriler