TEHNOLOGIÝA

“Apple”: täze tehnologiýa enjamlary tanyşdyrylar

ABŞ-nyň tehnologiýa ägirdi “Apple” kompaniýasy öňümizdäki sentýabr aýynyň ortalarynda köp garaşylýan “iPhone 13” telefon modelini tanyşdyrmagy meýilleşdirýär.

bu barada ýaýradylan maglumatlara laýyklykda, kompaniýa “iPhone 13” telefony bilen bir hatarda yene-de 2 sany täze enjamlary tanyşdyrylar.

Kompaniýanyň täze önümlerini 3 aýry çärede tanyşdyrmagy göz öňünde tutýar. Olaryň birinde “iPad”-yň 9-njysy, şeýle hem “iPad mini 6” we “AirPods 3” tanyşdyrylar.

Şeýle hem çärleriň ýene-de birinde “iPhone 13” bilen bir hatarda “Apple Watch Series 7” hakynda maglumat berler.

“Apple” kompaniýasynyň 3-nji çäresinde bolsa 14 we 16 inçlik “MacBook Pro” noutbuklaryň tanyşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

 

Türkiýe: iň köp haýsy ýurduň syýahatçylary dynç alýar?

 

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy