TEHNOLOGIÝA

“Apple” müşderilerine 95 million dollar tölär

Dünýäniň öňdebaryjy smartfon öndürijilerinden biri bolan “Apple” kompaniýasy jerime tölemäge razy boldy. “AppleCare” programmasynda kompaniýanyň täze “iPhone” däl-de, täzelenen smartfonlary müşderilere paýlandygy aýan edildi. Kompaniýa ýalan mahabat üçin 95 million dollar tölär.

Netijede, kompaniýa bu tutanýerlilikden ýüz öwürdi we özüne garşy gozgalan kazyýet işinde ylalaşyga gitdi. 2012-nji ýyldan soň “AppleCare” programmasyna goşulan müşderilere 95 million dollar doly öwez tölegi tölemäge razy boldy. Göz öňünde pullaryň 68 million dollary diýen ýaly “iPhone” müşderilerine berler. Galan bölegi ençeme ýyl bäri dowam edip gelýän kazyýet işiniň çykdajylary bolar.
2020-nji ýylda “Apple” kompaniýasy programma üpjünçiligi bilen batareýalary haýalladanlary üçin 500 million dollar tölemäge razy bolupdy.

USAID Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny berkitmäge ýardam edýär

 

 

 

Ýene-de okaň

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler

«Türkmenpoçta» bütindünýä poçta birleşmesiniň halkara IPS sanly ulgamyna birikdiriler

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy