TEHNOLOGIÝA

“Apple” Hytaýyň “Baidu” kompaniýasy bilen emeli intellekt boýunça hyzmatdaşlyk eder

Hytaý metbugaty “Apple” kompaniýasynyň ýerli tehnologiýa ägirdi “Baidu” kompaniýasyndan emeli intellekt hyzmatlaryny satyn alandygyny habar berdi. “IPhone” öndürijisiniň emeli intellektini iOS 18-de ulanmak üçin gepleşik geçirýändigi öň habar berlipdi.

“Baidu” -yň “iPhone 16”, “Mac” kompýuter operasiýa ulgamy we ýakyn wagtda iOS 18 mobil operasiýa ulgamy üçin “Apple” -iň ýerli öndüriji emeli intellekt modeli üpjünçisi boljakdygy bellendi.

“Baidu” kompaniýasynyp paýnamalary,  “Apple” kompaniýasy bilen emeli intellekt boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlanýandygy baradaky habarlaryň ýüze çykmagy bilen 5 göterimden gowrak ýokarlandy.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler