SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Apple”: gibrid ulgamyna geçiler

Pandemiýa bilen durmuşymyza giren öýden işlemek henizem käbir kompaniýalardan aýrylmady. Koronawirus epidemiýasy bilen baglylykda köp kompaniýa ýaly uzakdaky iş ulgamyna geçen “Apple” ofisine gaýdyp gelmegiň täze senesini yglan etdi. “Apple” kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk uzakdan iş möhletini 2022-nji ýylyň fewralyna çenli uzaltdy. “Apple”-iň işgärleri 2022-nji ýylyň mart aýyndan başlap, gibrid iş modeli boýunça ofislerine gaýdyp gelerler.

“Apple” -iň baş direktory Tim Kuk işgärlere hat iberip, ofisine gaýdyp barmak meýilnamasynyň 2022-nji ýylyň fewral aýyna çenli yza süýşürilendigini habar berdi. 2022-nji ýylyň mart aýyndan başlap, “Apple” -de işgärleriň köpüsinden duşenbe, sişenbe we penşenbe günleri gelmekleriniň we “garyşyk” iş meýilnamasynyň durmuşa geçiriljekdigi mälim edildi.

Baş direktor, “Apple” -iň halkara ofisleriniň köpüsiniň eýýäm işe başlandygyny, Silikon jülgesindäki işgärleriniň ýarysynyň belli günlerde hepdede gelýändigini aýtdy.

“Apple” täze iş meýilnamalaryny yglan etse-de, entek doly anyklaşdyrylmady. Kuk işgärleriň saglygynyň kompaniýanyň iň möhüm wezipesidigini we “Apple” -iň ofisine gaýdyp gelmegini gijikdirip biljekdigini ýa-da örtüklere we jemgyýetçilik aralyk talaplaryna başga üýtgeşmeler girizip biljekdigini tassyklady.

“Microsoft” kompaniýasy hem, ABŞ-daky ofislerini açanda durmuşa geçirjek gibrid iş meýilnamasyny mälim edipdi. Meýilnama laýyklykda, kompaniýanyň işgärleri täze döwürde hepdelik iş wagtynyň 50% -inden az bölegini öýünde işläp bilerler. Geçen aý “Meta” öwrülen “Facebook” -yň baş direktory Mark Zukerberg hem öýden işlemegi halaýandygyny aýtdy. Zukerberg işgärlerine iberen beýannamasynda indiki ýylyň azyndan ýarysyny uzakdan işlejekdigini aýtdy.

Zukerberg bu barada beren beýanatynda: “Uzakdan işlemek tejribesi, meni has bagtly adam etdi. Ýagny,maşgalam bilen has köp wagt geçirmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, has köp boş wagt tapyp, uzak möhletli pikirlenip, iş üçin has öndürijilikli bolup bildim”-diýip aýtdy.

 

20-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Aşgabat — Türkmenbaşy ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikelder

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” içerki gatnawlaryň tertibini täzeledi

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

Rus lukmany Türkmenistanda ýerli hünärmenler bilen tejribe alyşýar

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy