SPORT

Annadurdyýew iň ökde hüjümçi, Tirkişow bolsa iň gymmatly oýunçy boldy

«Arkadag» futbol toparynyň düzüminde 5 gol geçiren 32 ýaşly hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew «2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň iň gowy hüjümçisi» diýen ada mynasyp boldy. Degişli baýrak oňa jemleýji duşuşygyň ahyrynda gowşuryldy. Bu oýunda milli ähmiýetli şäher bilen adybir türkmen kluby Kambojanyň häzirki dört gezek çempiony – «Svay Rieng»  klubundan 2:1 hasabynda üstün çykdy we ilkinji gezek yklym baýragyny gazandy.

Pnompeniň «Morodok Techo»  stadionynda bolup geçen oýnuň ykbaly oýnuň adaty wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlanandan soň, goşmaça 30 minutda çözüldi. Oýnuň 112-nji minutynda Arzuwguly Sapargulyýew meýdançanyň jümmüşinden uzak aralyga urup,  Altymyrat Annadurdyýewi derwezä çykardy, ol bolsa goragçydan geçip, derwezeçi bilen ýeke-ýekä çykdy we uzak burça takyk urdy. Bu gol diňe bir ýeňiş goly bolman, eýsem A.Annadurdyýewiň 2024/25 AFK Çagyryş ligasynda tora salan bäşinji pökgüsi  boldy.

«Arkadag» toparynyň başga bir oýunçysy – 28 ýaşly ýarymgoragçy Şanazar Tirkişow – baýrak gowşurylyş dabarasynda 2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň MVP («Iň gymmatly oýunçy») baýragyny aldy.

Ş. Tirkişowyň wezipesi diňe bir gol salmak üçin şert döretmek däl, eýsem gol salmakdy. Munuň üçin Kuweýtiň «Al-Arabi» topary bilen ýarym final jogap oýnuny ýada salmak ýeterlikdir (3:0), bu oýunda onuň salan iki goly netijesinde  «Arkadag» topary iki oýnuň jemi boýunça 3:2 hasabynda ýeňiş gazandy we 2024/25 AFK Çagyryş ligasynyň finalyna çykdy.

AFK Çagyryş ligasy Aziýada üçünji güýçli klub ýaryşydyr. Bu ýaryş – täze, ýöne oňa 2005-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli geçirilen «AFK prezidentiniň kubogynyň» täzeden dikeldilen ýaryşy diýmek bolar.

Ýene-de okaň

“PSŽ” topary taryhynda ilkinji Çempionlar Ligasynyň kubogyny gazandy

Arnold “Real Madrid” bilen şertnama baglaşdy

“Çelsi” topary UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Lamin Ýamal şertnamasyny uzaltdy

Messi we Suares öz futbol toparyny döretdiler

Ata Watan Eserleri

Ten Hag “Bayer” klubynyň baş tälimçisi boldy