SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ankara türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty boldy

Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäheri 2026-njy ýyl üçin türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty hökmünde yglan edildi. Bu barada degişli karar Türki Döwletleriniň Guramasyna (TDG) agza döwletleriň medeniýet we syýahatçylyk ministrleriniň 10-njy mejlisinde kabul edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu duşuşyk Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guralyp, Ankara şäherinde geçirildi.

Gurama agza hem-de synçy ýurtlarynyň wekiliýet ýolbaşçylarybu mejlisde çykyş etdiler. Mejlise Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý ýolbaşçylyk etdi.

Ol çykyşynda, gadymy taryhyna we köp sanly muzeýlerine eýe bolan Türkiýäniň paýtagtynyň däp-dessurlara esaslanýan hem-de häzirki zaman sungatynyň gorap saklanylmagynda möhüm rol oýnaýandygyny belledi. Şonuň üçin hem Ankara TDG-nyň çäginde 2026-njy ýylyň syýahatçylyk paýtagty diýip yglan edilendigini aýtdy.

Guramanyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömuraliew çykyşynda türki dünýäsiniň bu halkara guramanyň çäginde diňe bir syýasy, ykdysady, bilim, hukuk ulgamlarynda däl, eýsem medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda hem hyzmatdaşlygyny giňeldýändigini nygtady.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär