SPORT

Angliýanyň zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy

Zenanlaryň arasynda geçirilen futbol boýunça Ýewropa çempionaty tamamlandy. Angliýanyň meşhur “Uembli” stadionynda geçirilen final duşuşynda Angliýanyň milli ýygyndysy bilen Germaniýanyň milli ýygyndysy duşuşdy.

Duşuşykda 2:1 hasabynda üstün çykan Angliýanyň ýygyndysy ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony bolmagy başardy.

Duşuşygyň esasy wagtynda ýer eýeleri Angliýanyň ýygyndysyndan Ella Tun, Germaniýanyň ýygyndysyndan bolsa, Lina Magull tapawutlandy. Goşmaça berlen wagtyň 111-nji minutynda Kloi Kelli tapawutlanyp, Angliýanyň Ýewropa çempiony bolmagyna uly goşant goşdy.

Ilkinji gezek Ýewropa çempiony bolan Angliýanyň ýygyndysy mundan ozal 2 gezek finala çykypdy. 1984-nji ýylda Şwesiýadan, 2009-njy ýylda Germaniýadan ýeňlipdi.

Angliýa bilen Germaniýanyň ýygyndysynyň arasynda geçirilen duşuşykda janköýerler rekordy goýuldy. “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşyga 87192 janköýer gatnaşdy.

Angliýanyň ýygyndysy Germaniýadan (9 gezek çempion), Norwegiýadan (2), Şwesiýadan (1) we Niderlandlardan (1) soňra çempion bolmagy başaran ýygyndydyr.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy