SPORT

Angliýa we Italiýada futbol çempionatlary başlaýar

Koronawirus ýokanjy sebäpli togtadylan Angliýanyň “Premier Liga” futbol çempionatynyň 17-nji iýunda, Italiýanyň “Seria A” futbol çempionatynyň bolsa 20-nji iýunda täzeden başlanjakdygy mälim edildi.

Angliýanyň çempionaty 17-nji iýunda çarşenbe güni “Aston Willa – Şeffild Ýunaýted” hem-de “Mançester Siti-Arsenal” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen başlaýar.

Bu liganyň ýokary derejeli wekili Riçard Mastersiň aýtmagyna görä, duşuşyklar tomaşaçysyz oýnalar. Çempionatda galan 92 duşuşyk “Sky Sports”, “BT Sport”, “BBC Sport” we “Amazon Prime” tarapyndan göni ýaýlymda görkeziler.

Şeýle hem BBC teleýaýlymy hepdede 4 duşuşygy kod goýmazdan futbol janköýerlerine ýetirer.

Angliýada futbol çempionaty 13-nji martda togtadylypdy.

ITALIÝADA 20-NJI IÝUNDA DUŞUŞYKLAR BAŞLAR

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan Italiýada futbol çempionatyň 20-nji iýunda başlajakdygy aýdyldy. Ýurduň sport ministri Winçenzo Spadafora liganyň we federasiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi. Şol duşuşygyň netijesinde, futbol çempionatynyň başlanmagy babatda degişli karar kabul edildi.

Italiýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyňy ýarym final duşuşyklary 13-nji iýunda geçiriler.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi