Iňlis premýer-ministri Boris Jonson ýurda syýahat etmezden ozal “Covid-19” synagyndan geçmek borjunyň ýatyryljakdygyny aýtdy.
Jonson jemgyýetçilik palatasynda eden çykyşynda jemgyýetçilik ulaglarynda we jaýlarda örtük geýmek, öýde işlemek we käbir ýerlere gireniňde sanjym pasportyny görkezmek ýaly “B meýilnamasy” çäreleriniň “Omikron” görnüşiniň ýaýramagyny haýalladandygyny aýtdy.
“B meýilnamasy” bilen dowam etdirmek kararyna gelendiklerini we bu çäreleriň “Covid-19” bilen ýaşamagyň deňagramly we proporsional ýoluny hödürleýändigini mälim eden premýer-ministr, bu karary diňe 26-njy ýanwarda gözden geçirjekdigini aýtdy. Jonson hassahanalarda her 9 günden iki esse, 60 ýaşdan uly adamlarda her hepde iki esse köpelýändigini habar berdi. Emma çäklendirmeleriň gymmada düşjekdigini belläp, Jonson: “Bu ýapylmalar, beden we akyl saglygymyza, iş ýerlerimize, girdeji çeşmelerimize we iň erbet tarapy çagalarymyzyň durmuşyna kynçylyk döredýär” -diýdi.
Angliýa gelýän ýolagçylar üçin syýahatdan öňki “Covid-19” synag talaplarynyň 7-nji ýanwardan başlap aýryljakdygyny mälim eden Jonson: “Omikron indi adaty bir zat welin, bu çäreleriň köpelmegine çäkli täsir edýär. Çäreler syýahatçylyk pudagymyza ep-esli çykdajy döretmegini dowam edýär ” -diýdi.
Şeýle hem Jonson, öz-özüňi izolýasiýa etmek borjunyň, gelenlerinden 2 gün soň geçirilen synagyň netijesi belli bolýança aýryljakdygyny aýtdy.
Bu aralykda, oppozisiýa zähmet partiýasynyň lideri Keir Starmer “Covid-19” üçin geçiren synagy oňyn çykdy. Ozal hem oňyn synagdan geçen Starmer, jemgyýet öýünde geçirilen premýer-ministriň soraglaryna gatnaşyp bilmedi.
Saglygy goraýyş ministrliginiň yglan eden maglumatlaryna görä, düýn ýurtda 218,724 “Covid-19” keseliniň ýüze çykarylmagy bilen, “epidemiýa başlanaly bäri gündelik iň köp kesel” hasaba alyndy. Wirus sebäpli ölenleriň sany soňky 24 sagatda 48 artyp, 148 müň 941-e ýetdi.