Türkmen topragy örän gadymy taryhy maglumatlary özünde saklaýan mekandyr. Änew şäheri hem şeýle baý taryhy maglumatlara eýedir. Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki 4-5 müňýyllyklarda dowam eden Jeýtun medeniýetiniň we Änew medeniýetiniň keramiki önümleriniň umumylyklary we aýratynlyklary düýpli öwrenilmegini talap edýär.
Türkmen topragynda ilkinji ekerançylyk we maldarçylyk medeniýetleri bolan Jeýtun, onuň yzy bilen bolsa Änew medeniýeti kemala gelipdir, dowam edipdir we gülläp ösüpdir. Neolit zamanynda Jeýtun medeniýetiniň keramiki önümleri inçeden uzyn görnüşinde böleklere bölünip, kesilip alnypdyr. Olary biri-biriniň üstünden ýelmäp, gerek bolan gaby ýasap, soňundan gabyň içi we daşy endiganlanylypdyr. Endiganlanylan gaplary Günüň gyzgynlygyna guradypdyrlar we ýylmapdyrlar. Soňundan, gaplara nagyş çekipdirler. Palçygynyň düzümine bolsa, owradylan saman goşulypdyr. Jeýtun keramikasynyň nagyşlarynyň esasy görnüşlerine tolkun görnüşli çyzyklar, kese we dik çyzyklar, ýaý we gözenek şekilindäki, seýrek ýagdaýda bolsa, üçburçluk şekilindäki nagyşlar degişlidir.
Günorta Türkmenistanyň ilatynyň taryhy ösüşinde aýratyn bir eýýam bolan eneolit, ýagny täze daş asyryndan bürünç asyryna geçiş döwrüne degişli ýadygärliklerden häzirki wagta çenli onlarçasy anyklanylyp, olaryň ilki öwrenilip başlanylany Änew medeniýetidir.
Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Kitapda bular barada giňişleýin maglumat bermek bilen, hormatly Prezidentimiz: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär.
Änew medeniýetiniň üstüniň açylmagy diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş gadymy Gündogaryň ekerançylyk medeniýetiniň taryhyny öwrenmekde-de uly ähmiýete eýe bolupdyr. Adamzat medeniýetiniň ilkinji ösen merkezleriniň biri hökmünde ykrar edilen Änewiň gadymy depeleriniň ХХ asyryň bütin dowamynda alymlaryň üns merkezinde bolmagy tötänden däldir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bu täsin ýadygärlikleri öwrenmekde täze tapgyryň başyny başlap, türkmen taryhçylarynyň we arheologlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmegi üçin giň mümkinçilikleri döretdi.
Eserde pederlerimiziň gurmak, döretmek ýaly sogaply işleriniň, ynsanperwer ýörelgeleriniň many-mazmuny taryhy wakalaryň, ylmy garaýyşlaryň üsti bilen giňden beýan edilýär. Eseriň «Taryhy birleşdirýän uly wakalar» atly babynda bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, dünýäde meşhur şahsyýet, akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmegi türkmen taryhynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýar, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýar.
Makalany hormatly Prezidentimiziň «ÄNEW — MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» atly kitabyndan käbir bölekler bilen jemlemegi makul bildim:
– Kakamyň beren gürrüňlerinden bir mysala ýüzleneýin: «Türkmen topragynyň her bir ýeri taryh. Geçirilýän gazuw-agtaryş işleri netijesinde bu hakykata has-da çuňňur göz ýetirýäris. Bu mukaddes toprak ençeme ýyllar, asyrlar bäri dünýäniň meşhur arheologlarynyň, taryhy öwreniji alymlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Olar bu gadymy toprakda birnäçe gazuw-agtaryş, ylmy-barlag işlerini alyp bardylar. Bilelikdäki şeýle ylmy ekspedisiýalar häzirem dowam edýär. Gadymy Änewde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde köpsanly taryhy maglumatlar ýüze çykaryldy.
Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar. Ine, şol taryhy tapyndylar Änewiň şol döwürlerde ýokary derejede ösen ýaşaýyş merkezleriniň biridigini tassyklady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda tagalla edýärler. Şöhratly taryhymyz, pederlerimiziň nusgalyk ýoly geçmişden geljege şamçyrag bolup, asyrlara uzar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz uly ösüşlere beslenip, bagtyýar halkymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaň salar.
Gülälek Abaýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.
