DÜNÝÄ

Andy Warholyň kamerasy üçin 13 müň 750 dollar

Amerikaly suratkeş Andy Warholyň şahsy “Polaroid” kamerasy 13 müň 750 dollara satyldy. “Heritage Auctions” tarapyndan gurnalan satuwda satylan kamera Warholyň 1970-nji ýyllarda iň halanýan enjamlaryndan biridi. Söhbetdeşlik žurnalynyň esaslandyryjysy Jon Wilkoks tarapyndan sowgat edilen bu kamera bilen özüni we meşhur adamlary surata düşüripdi.

Andy Warhol kim?

Andy Warhol 1928-nji ýylyň 6-njy awgustynda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Pittsburg şäherinde dünýä indi. Amerikaly suratkeş kinorežissýor we neşirýatçy ýaly wezipelerde hem işläpdi.

Pittsburgdaky Çehiýanyň immigrant maşgalasynyň ogly Endrýu Warhol sungat taryhyny öwrenip, Nýu-Yorka gitdi we “Vogue” we “Harper’s Bazaar” žurnallarynda suratkeş bolup işläpdi.

Ol “Fabrika” studiýasynda kino ýyldyzlarynyň, Merilin Monro we Elwis ýaly meşhur adamlaryň portretlerini ýasap, olary yzygiderli gaýtalap öz stilini döretdi.

Şeýle hem ol çeper filmler döredipdi we birnäçe kitaplary neşir edipdi. Şeýlelikde ýaş suratkeşleri we sazandalary höweslendirdi.

Andy Warholyň eserleri:

Marilyns, 1962

Warholyň “Marilyns” eseri pop sungatynyň nyşanyna öwrülipdi.

Imperiýa, 1963

Uky, 1963

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Putin we Pezeşkian Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistan çagalaryň saglygyny goramak üçin ählumumy halkara hyzmatdaşlyk guralyny döretmegi teklip etdi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Kataryň döwlet ministri bilen duşuşdy

Azerbaýjanyň we Gruziýanyň Premýer-ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Azerbaýjanyň Premýer-ministr Ali Asadow Aşgabada geler