SPORT

Amorim “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Portugaliýaly Ruben Amorim Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.

“Mançester Ýunaýted” Iňlis çempionatynda altynçy orunda barýar, şonuň üçin toparda käbir üýtgeşmeleri girizmek göz öňünde tutuldy. Bu karar toparyň çempionatda mümkin bolan iň ýokary netijäni gazanmagy üçin iň gowy pursat bolar. Klub Rubene goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirýär we geljekde oňa üstünlik arzuw edýär” diýlip klubyň beýanatynda aýdylýar.

7-nji ýanwarda çempionatyň çäginde “Bernli” toparyna garşy geçiriljek myhmançylyk oýnunda topara şotlandiýaly Darren Fletçeriň ýolbaşçylyk etjekdigi bellenilýär.

Amorim 2024-nji ýylyň noýabr aýynda “Mançester Ýunaýtediň” tälimçisi wezipesine bellenipdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar Ýewropa ligasynyň finalyna çenli baryp, onda “Tottenhem” toparyndan utuldy.

Geçen möwsümde klub çempionatda 15-nji orny eýeledi. Häzirki möwsümiň 20-nji tapgyrdan soň “Mançester Ýunaýted” 31 utuk bilen 6-njy orunda durýar.

Mundan ozal, Amorim “Braga” we “Sporting” klublaryna tälim beripdi we “Sportingi” iki gezek Portugaliýanyň çempiony edipdi. Futbolçylyk döwründe Amorim “Benfikanyň” düzüminde iki gezek Portugaliýanyň çempiony, ýurduň kubogynyň we superkubogynyň eýesi bolupdy.

Fletçer 41 ýaşynda, ol 2002-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli “Mançester Ýunaýtedde” oýnady. Ol toparyň düzüminde bäş gezek çempion bolup, iki gezek Angliýa ligasynyň kubogynyň eýesi we finaly Moskwada geçirilen 2007/08 möwsüminiň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi