BIZNES

Amir Han Muttaki: TOPH gaz geçirijisi taslamasy möhümdir

Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Amir Han Muttaki Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasynyň möhümdigini belläp, bu taslamanyň owgan bölegindäki işlere başlamaga taýýardyklaryny belledi.

Owgan metbugatynyň habayrna görä, Amir Han Muttaki taslamanyň owgan ykdysadyýeti üçin möhüm bolup durýandygyny, her ýyl üstaşyr tebigy gazy geçirmek bilen 450 million dollar girdeji gazanyljakdygyny we 5 million kubmetr tebigy gaz aljakdyklaryny aýtdy.

Muttaki Türkmenistan Owganystanyň esasy ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji, demirýol we beýleki taslamalarda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belläp geçdi.

– TOPH taslamasyny başlamak üçin ähli taýýarlyk işleri geçirildi we her iki döwlet hem muňa taýýar. Iki ýurduň arasynda degişli resminamalara gol çekiler – diýip, Muttaki belledi.

Şeýle hem Muttaki bu gaz geçirijisi bilen ýyllyk 33 milliard kubmetr tebigy gazyň iberiljekdigini, munuň 5 milliardynyň Owganystana, Pakistan bilen Hindistana bolsa, 14 milliard kubmetriniň eksport ediljekdigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy